Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet ulgamynda türkmen-horwat gatnaşyklarynyň ösüşi
Medeniýet
Medeniýet ulgamynda türkmen-horwat gatnaşyklarynyň ösüşi
Çap edildi 31.10.2018
2311

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy. Uly gyzyklanma döreden bu çäre dostluk baýramçylygyna öwrüldi hem-de iki halkyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi hem-de özara baýlaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy. Medeniýet günleriniň maksatnamasy dürli döredijilik çärelerini özünde jemledi. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan “Horwatiýa Respublikasynyň maddy däl mirasy” diýen fotosergi türkmenistanlylara Ýewropanyň bu ýurdunyň dürli sebitleriniň: Istriýsk ýarym adasynyň, Dubrownik şäheriniň, Hwar adasynyň we beýlekileriň gadymy medeni däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şolaryň görnüş hem-de çeperçilik taýdan özboluşlylygy, aýdym we tans däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň, milli aşhananyň aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar görkezildi. Däp bolan horwat festiwallarynyň hem-de halk dabaralarynyň suratlary aýratyn ünsi çekdi. Maksatnamadaky çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde myhmanlaryň wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Şonda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda 2014-nji ýylda gol çekilen Ähtnama esasynda ynsanperwer ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de sungaty söýüji köp sanly adamlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň gutlag sözi bilen çykyş eden wekilleri şu ulgamda milli medeniýetleriň hem-de netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän köptaraply hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiçe tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Horwatiýanyň meşhur pianinoçylary Iwan Krpanyň hem-de Paul Ropuşyň konserti dostluk baýramçylygynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Olar Klod Debýussiniň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Fransis Pulenkanyň hem-de horwat kompozitory we grek gelip çykyşly dirižýor Boris Papandopulonyň dünýä belli eserlerini ýerine ýetirip, öz ussatlygyny görkezdiler. Sazandalaryň şol täsin çykyşlary tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde bolan çäreler türkmenistanlylara dostlukly ýurduň baý medeniýetini we sungatyny ýakyndan bilmäge, myhmanlara bolsa türkmen halkynyň täsin taryhy-medeni mirasy, Aşgabadyň gözellikleri hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýiniň ajaýyp gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy. Bu çäre türkmen-horwat ynsanperwer gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir mysaly boldy.

Soňky habarlar
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow