Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi
Sport
Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi
Çap edildi 31.10.2018
2633

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi. Onda sportuň bu görnüşini has-da ösdürmegiň esasy meseleleri we şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän dünýä ýaryşynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga IWF-niň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidentleri, 80 ýurtdan gowrak, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlardan, Wengriýadan we beýlekilerden agyr atletika boýunça halkara komitetleriň hem-de milli federasiýalaryň baştutanlary we wekilleri gatnaşdylar. IWF-niň baştutany Tamaş Aýan mejlisi açyp, häzirki dünýä derejeli ýaryşyň agyr atletikanyň taryhynda öwrülişikli pursat boljakdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde şu ýyl Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi üçin Aşgabadyň saýlanylmagy dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Täze agram derejelerini we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanmalary almagyň düzgünlerini ornaşdyrmak Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresiniň meseleleriniň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatdaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek erkekleriň we zenanlaryň çykyşlarynda täze agram derejeleriniň 10-sy giriziler. IWF-niň baş maksady, ilkinji nobatda, agyr atletikaçylaryň saglygyny gorap saklamaga laýyk ulgamy işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary sportuň bu görnüşinde sagdyn bäsdeşligi saklamak meselelerine hem-de IWF-niň lukmançylyk komitetiniň işleriniň seljerilmegine bagyşlandy. Dopinge garşy gözegçilik baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de dopinge garşy çäreleri amala aşyrmak üçin ýurdumyz Bütindünýä doping agentligi (WADA) bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Çykyş edenler Türkmenistanda “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanuna laýyklykda gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça işleriň örän aýgytly alnyp barylýandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň türgenleri, tälimçileri, lukmanlary arassa sport ugrunda hemişe çykyş etdiler we çykyş ederler hem-de mundan beýläk-de mynasyp abraýy, agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňişleri gazanmagy maksat edinýärler. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek babatdaky amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň milli maksada öwrülendigini nygtadylar. Ol halky jebisleşdirip, ýaramaz endiklere garşy birek-birege habar edip göreşmäge hem-de türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge kömek edýär. Mejlisiň barşynda IWF-niň dürli toparlarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, Buenos-Aýresdäki 2018-nji ýylyň ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň netijelerine garaldy, geçiriljek halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresiniň çäklerinde sportuň bu görnüşini wagyz etmäge goşan goşandy üçin ýadygärlik nyşanlarynyň we sowgatlarynyň hem-de IWF-niň şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Soňky habarlar
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
30.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.01
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
top-arrow