Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Şadyýan Täze ýyl dabaralary
Medeniýet
Şadyýan Täze ýyl dabaralary
Çap edildi 02.01.2015
5494

Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Ine, Täze, 2015-nji ýyl başlandy, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk elmydama täze ajaýyp isleg-arzuwlar bilen garşylanýar. Bu şadyýan we şowhunly baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär. Biziň ýurdumyzda Täze ýyl halkymyz tarapyndan iň oňat görülýän baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk guramaçylyk taýdan ýokary derejede, giňden, şadyýanlyk bilen we dabaraly hem-de parahatçylyga, ýagşylyga, şatlyk-şagalaňa we myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda garşylanýar. Paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda goýlan owadan Baş arçanyň ýanynda aşgabatlylaryň we myhmanlaryň müňlerçesi ýygnanýarlar. Türkmenistanyň ähli künjenklerinde, şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalarynda goýlan dürli yşyklar, girlýandlar we oýnawaçlar bilen bezelen ýaşyl arçalaryň ýanynda tanymal artistleriň we çeper höwesjeňleriň toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan tomaşalar we konsertler guralýar. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň çagalary we welaýatlardan gelen myhmanlar ýygnanýarlar, olar arçanyň gözelligini hem-de “Älem” meýdançasyndaky şäherjikde Täze ýyla mahsus çärelere syn edýärler. Baş döwlet Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky şowhunly tomaşa hemmeler bilen birlikde, “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler, okuwda tapawutlanan mekdep okuwçylary, intellektual olimpiadanyň ýeňijileri, döredijilik we sport, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikleriň ýeňijileri bolan ýaşlar gatnaşýarlar. Tomaşalar merkeziniň zallarynda-da çagalar üçin dürli çäreler guralýar. Bu ýerde çagalar attraksionlarda aýlanýarlar, kompýuterde başdan geçirmeleriň we oýunlaryň dünýäsine gyzyklanma bilen aralaşýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan ajaýyp sowgatlar dabara gatnaşýan ýaşlarda baýramçylyk babatda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan “Döwletliler köşgünde” terbiýelenilýänlere ýörite sowgatlar berildi. Täze ýylyň ilkinji gününde ýaş türkmenistanlylar “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki täsin galdyrýan ertekiler şäherjigine, Türkmenistanyň Döwlet sirkine, Maslahat köşgine döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak baýramçylyk dabaralaryna syn etmäge çagyryldy. Bu döredijilik toparlary çagalar üçin täsirli çykyşlary taýýarladylar. Olaryň öňünde estrada aýdymçylary, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, ýaş tomaşaçylarda şadyýan baýramçylyga mahsus bolan ýakymly täsirleri galdyrdylar. Bu meýdançalarda çagalaryň bagtyýar gülküsi ýaňlanýar, çagalar tomaşalara höwes bilen goşulyşýarlar we olara süýji nygmatlar hödürlenýär. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, arçalaryň ýanyndaky şowhunly çykyşlar, garaşylmadyk sowgatlar, täze tanyşlyklar, ýakymly täsirler mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe ýaş aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny begendirer. Gyşky dynç alyş döwründe “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki tomaşalar guralar hem-de paýtagtymyzdaky teatrlarda, kionokonsert zallarynda we sirkde, Gökderede çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerinde baýramçylyga bagyşlanyp ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar bilen duşuşyklar geçiriler, bulara ähli şäherlerden we welaýatlardan ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi syn eder. Dürli reňkdäki yşyklar we girlýandlar dakylan owadan arçalar, bularyň daş-töwereginde baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdançalar, arçalaryň we süýji nygmatlaryň ýakymly ysy, tomaşalara gatnaşýanlaryň owadan lybaslary diňe Täze ýyl baýramçylygyna mahsus bolan ýatdan çykmajak täsirleri döretmegi dowam edýär. Ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada etmek, ýaş türkmenistanlylaryň her biriniň intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin amatly şertler döretmek-- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar we sazlaşykly ösýän çagalar ýurdumyzyň abadançylygynyň iň oňat görkezijisidir. Olar üçin Türkmenistanyň ähli künjeklerinde owadan, döwrebap mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary, sport meýdançalary we stadionlar, medeni we dynç alyş merkezleri gurulýar we bularyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Hazar deňziniň kenar ýakasynda we Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökderede gurlan täze sagaldyş merkezleri, zoologik toplum-Milli janly tebigy muzeý çagalar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. 2012-nji ýylda bolsa paýtagtymyzda çagalar we ýetginjekler üçin “Älem” tomaşalar köşgi guruldy, binagärlik çözgüdi we tehnologik taýdan üpjün edilişi boýunça bu köşk häzirki wagtda çagalaryň we ulularyň has gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Täze ýyl türkmenistanlylar tarapyndan gowy görülýän baýramçylyklaryň biri bolup ol çagalara şatlyk paýlaýar, esasy gahrymanlar Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamyk bilen duşuşyklara sabyrlsyzlyk bilen garaşýarlar, olaryň gelmegi bilen, şadyýan baýramçylyk dabaralarynyň şowhuny artyp, hakyky ertekä öwrülýär diýen ýaly, bu ýagdaý çagalarda we ulularda ýakymly täsir galdyrýar. Çagalar baglarynda we mekdeplerde, teatrlarda we medeniýet merkezlerinde Täze ýyla bagyşlanan tomaşalar, aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar guralýar. Täze ýyla bagyşlanan köpsanly tomaşalarda çagalar üçin entek ýakymly pursatlar garaşýar. Olar üçin täsirli oýunlar, bäsleşikler, Aýazbaba we Garpamyk, ertekilerdäki we multfilmlerdäki söýgüli gahrymanlar, şeýle hem 2015-nji ýylyň nyşany hasaplanýan goýuny şekillendirýänler bilen duşuşyklar guralar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrlilgi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleri mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günlerinde dowam eder we 10-njy ýanwarda tamamlanar. Şu döwürde paýtagtymyza gelýän ýaş türkmenistanlylar üçin Aşgabat, dynç alyş merkezleri, teatrlar we paýtagtymyzyň gözel künjekleri boýunça gyzykly gezelençler guralar. *** Aşgabat, 2-nji ýanwar /TDH/. Şu gün irden paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň orta mekdepderiniň okuwçylaryny Türkmenistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesine ugratmak dabarasy boldy. Şol ýerde olar öz Täze ýyl dynç alyş günlerini geçirerler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän baýramçylyk çäresi, däp bolşy ýaly, şadyýan aýdym-sazlara beslendi. Gökderede gyşky dynç alyş günlerini geçirjek ýaşlar üçin çykyşlary Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynyň okuwçylary ýörite taýýarlady. Elbetde, Aýazbaba we Garpamyk Täze ýyl baýramçylyk maksatnamasynyň baş gahrymanlary boldular. Olar çagalaryň söýýän ertekileriniň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşynda el tutuşyp aýlandylar. Joşgunly aýdymlar ýaňlanyp, şadyýan tanslar ýerine ýetirildi. Uly bolmadyk sahna çykyşlary görkezildi. Dabara däp bolşy ýaly, dynç almaga barýan çagalary owadan bezelen awtobuslaryň ýanyna çenli ugratmak bilen tamamlandy. Olar ulaglara münüp, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň birine tarap ugradylar. Gökderäniň çagalar dynç alyş merkezleriniň 14-sinde paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalaryň 7 müňüsini mähirli we myhmansöýerlik bilen garşy aldylar. Olary Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda gyzykly teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen garşyladylar. Şadyýan aýdymlar, joşgunly tanslar, arçanyň daşynda çagalaryň el tutuşyp aýlanmagy Täze ýyl dabarasyna mahsus bolan gaýtalanmajak ýagdaýy döretdi. Bu ýerde, Aýazbabanyň we Garpamyzyň gyşky kabulhanasynda, çagalaryň öz wagtyny peýdaly we gyzykly geçirýän ýerinde dynç alyş günleriniň eýýäm birinji güni Täze ýyl çäreleri guraldy. Bu çäreler gyşky dynç alyş günleriniň dowamynda has-da ýaýbaňlandyrylýar. Gökderäniň çagalar dynç alyş merkezleriniň körpe myhmanlaryna Täze ýyl çäreleriniň baý mazmunly maksatnamasy garaşýar. Ol owadan arçanyň daşynda şadyýan aýlanmak, dürli aň-paýhas oýunlaryny geçirmek, öwreniş-dynç alyş oýunlaryny we ýaryşlaryny, baýraklary gowşurmak bilen Täze ýyl bäsleşiklerini, durli konsert maksatnamalaryny, şol sanda ýurdumyzda belli aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda konsertleri öz içine alýar. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Täze ýyl mowzugyna bagyşlanan gyzykly bäsleşikler geçiriler. Olara gatnaşyjylar emin agzalaryna iň owadan Täze ýyl lybasyny, suratlary görkezerler, Aýazbabanyň we Garpamygyň keşplerinde çykyş ederler we öz artistlik ukyplaryny görkezerler. Bu döredijilik bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň milli Kärdeşler arkalaşyklary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde geçiriler. Gökderede çagalaryň dynç alyş maksatnamasyna gözel paýtagtymyz Aşgabat boýunça gezelençler, Janly tebigatyň milli muzeýine, “Älem” we “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezlerine we beýleki ýerlere syýahatlar girizildi. Çagalar üçin Döwlet sirkiniň we Döwlet gurjak teatrynyň artistleri şadyýan Täze ýyl maksatnamalaryny we oýunlary taýýarladylar. Gökdereje gyşky dynç alyş günleriniň çäklerinde okuw-oýun görnüşindäki gyzykly bäsleşikler guralar. Olar çagalaryň intellektual ukyplaryny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini has kämil özleşdirmegine gönükdirilendir. Sport baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda sport çäreleriniň, ozaly bilen, stol üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka, milli oýunlar boýunça dynç alyş merkezleriniň arasyndaky bäsleşikleriň uly meýilnamasy göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlary gowşurmak bilen geçiriljek şadyýan, gyzykly Täze ýyl dabaralary çagalara ajaýyp sowgat bolar, olara ýatdan çykmajak duýgulary we täsirleri, şadyýan gülküleri peşgeş berer.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow