Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­ty
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­ty
Çap edildi 20.10.2018
1799

Şu gün Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky üçün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň tä­ze re­dak­si­ýa­sy­na we ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan bir­nä­çe ka­nun­lar we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­lary ka­bul edil­di. Mas­la­ha­ta de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy. “Ýer­le­riň me­lio­ra­si­ýa­sy ha­kyn­da­ky» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy par­la­men­ta­ri­le­riň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da giň öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, ýa­ňy-ýa­kyn­da bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de pu­da­gyň işi­ne tä­ze dep­gin be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň, dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ýer we suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýer­le­riň me­lio­ra­si­ýa­sy­na, şol san­da ekin meý­dan­la­ry­nyň su­wa­ryl­ma­gy­na, öri meý­dan­la­ry­nyň suw bi­len üp­jün edil­me­gi­ne we beý­le­ki gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ryň — suw how­dan­la­ry­nyň, bent­le­ri­niň, suw gal­dy­ry­jy be­ket­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem to­kaý go­rag zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­ýan, top­ra­gyň önüm­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan “Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Zeý aka­ba­la­ry­nyň ta­kyk iş­le­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ryn­dan duz­la­şan suw­lar bu kö­le ak­dy­ryl­ýar, mu­nuň özi bol­sa ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne, ahyr­ky ne­ti­je­de bol­sa, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, ýer­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­de iň uly säh­ra­la­ryň bi­ri bo­lan Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de eme­li kö­li dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň sag­dyn­laş­ma­gy­na ýar­dam edip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly oňyn şert bo­lup dur­ýar. Tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da, bu­la­ryň hem­me­si ýer­ler­de me­lio­ra­si­ýa iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esa­sy­ny kes­git­le­ýän ýo­kar­da ag­za­lan ka­nu­nyň wa­jyp­ly­gy­ny şert­len­dir­ýär hem-de bu ul­gam­da dö­re­ýän gat­na­şyk­la­ry saz­laş­dyr­ýar. Soň­ra “Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy de­pu­tat­la­ryň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şin­de ara­gat­na­şy­gyň we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­nyň hä­zir­ki ul­gam­la­ry­nyň bar­ha art­ýan or­ny bel­le­nil­di. Bu ul­ga­ma ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar we iň tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­lar yzy­gi­der­li, iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Hu­su­san-da, yk­jam ara­gat­na­şy­gy­nyň we in­ter­ne­tiň hyz­mat­la­ry­nyň sa­na­wy­ny gi­ňelt­mek, ola­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler gö­rül­ýär, şä­her we oba te­le­fon be­ket­le­ri döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, olar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Gu­ra­ma­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň, okuw mek­dep­le­ri­niň mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sim­siz ara­gat­na­şy­gyň dür­li gör­nüş­le­ri giň ula­ny­ly­şa eýe bol­ýar. “Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri ha­kyn­da» tä­ze Ka­nun Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň, peý­da­la­ny­ly­şy­nyň we oňa gö­zeg­çi­lik edi­li­şi­niň hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Ol ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da iş­le­ri yg­ty­ýar­lan­dyr­ma­gyň, ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny gü­wä­len­dir­me­giň, Türk­me­nis­ta­nyň güm­rük ser­he­din­den ra­dioe­lekt­ron se­riş­de­le­ri­ni we ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­ly en­jam­la­ry ge­çir­me­giň, şeý­le hem elekt­rik ara­gat­na­şy­gy ul­ga­my­nyň eýe­le­ri­niň we ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­nyň mil­li ope­ra­tor­la­ry­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry saz­laş­dyr­ýan umu­my düz­gün­le­ri kes­git­le­ýän, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­nyň üs­tü­ni dol­dur­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri Elekt­rik ara­gat­na­şy­gy­nyň hal­ka­ra bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lan çäk­ler­dä­ki ra­dio­ýy­gy­lyk­la­ryň je­mi­dir. Olar ra­dioe­lekt­ron se­riş­de­le­ri­ni ýa-da ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­ly gur­luş­la­ry iş­let­mek üçin peý­da­la­nyp bil­ner. Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri Türk­me­nis­ta­nyň mil­li se­riş­de­si­dir we şo­ňa gö­rä-de, ony re­je­li we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ze­rur­dyr. “Dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça üç­ta­rap­la­ýyn to­par ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň mart aýyn­da Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da çy­kyş edip, ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ka­nun­çy­lyk gol­da­wy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne uly üns ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ni par­la­men­tiň tä­ze dü­zü­mi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ta­ra­pyn­dan dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça üç­ta­rap­la­ýyn to­pa­ry dö­ret­me­giň hem-de onuň işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kes­git­le­ýän tä­ze ka­nun­çy­lyk tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. To­pa­ryň dü­zü­mi­ne hö­kü­me­tiň we­kil­le­ri —Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan döw­let eda­ra­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň we iş­gär­le­riň beý­le­ki we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň, şeý­le hem iş be­ri­ji­le­riň hem-de te­le­ke­çi­le­riň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri gir­ýär­ler. Üç­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, ta­rap­la­ryň ara­syn­da Baş yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­mak we ony bag­laş­mak; dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­nyň düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek; dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak; zäh­met gat­na­şyk­la­ry, iş üp­jün­çi­li­gi hem-de ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ba­ba­tyn­da ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryny, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry ber­mek; hal­ka­ra tej­ri­bäni öw­ren­mek, de­giş­li hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we beý­le­ki­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ama­la aşyr­mak to­pa­ryň we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da “Türk­me­nis­ta­nyň ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; «Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Fel­di­ýe­ger ara­gat­na­şy­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Býu­jet ko­dek­si­ni tas­syk­la­mak we güý­je gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Sal­gyt­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar we üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Bi­na­gär­lik işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da ko­dek­si­ne goş­ma­ça we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň “Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady­nyň Düz­gün­na­ma­sy­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Suw ko­dek­si­ne goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Mig­ra­si­ýa gul­lu­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar we üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da Ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da kä­bir beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­ni­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­nyl­dy we ka­bul edil­di. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ýo­kar­da gör­ke­zi­len hu­kuk na­ma­la­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik ýol bi­len ok­gun­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow