Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
Medeniýet
Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
Çap edildi 19.02.2015
1996

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Maslahat köşgünde geçirilen ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna guralan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň birine öwrüldi. Döwlet nyşanlarymyzyň birine bagyşlanan ählihalk baýramçylygy türkmenistanlylaryň ählisi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Döwlet baýdagymyzyň güni aýratyn ähmiýetli şanly senedir—milli jebisligimizi, agzybirligimizi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan wepalylygymyzy, söýgimizi hem-de çuňňur hormatymyzy dabaralandyrýan baýramdyr”. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň şaýatlary bolmak bilen, biz eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny başdan geçirýäris. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa türkmen halkyny täze üstünliklere we zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ata Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda bütin dünýäde giňden meşhurdyr, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynyň öňündäki baýdak sütüninde belentden parlap, Garşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär. Şol syýasat bolsa ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler ýurdumyzyň medeniýetiniň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hem täze mümkinçilikleri açdy. Şu gün Maslahat köşgünde geçirilen konsert hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Zala ýygnanan tomaşaçylaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ählihalk baýramçylygy günlerinde Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar bar. Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň aýdym-saz toparynyň hem-de teatrlaryň artistleriniň we horeografiýa toparynyň ýerine ýetirmeginde “Baky parla, parahatlyk Baýdagy!” atly edebi, aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Ägirt uly ekranda köpsanly ýaşyl baýdaklar peýda bolýar. Şol baýdaklary ýaş esgerler – türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirijiler göterip barýarlar. Sahnadan milletimiziň mukaddes nyşanlaryny wasp edýän goşgy setirleri ýaňlanýar, harby ansambl ýörite ählihalk baýramçylygyna gabatlanyp döredilen täze watançylyk aýdymyny ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň mukaddesligi, milletimiziň bitewiligi, döwürleriň we nesilleriň dowamat dowamlylygy, olaryň Garaşsyz Watanymyzyň beýik taryhy geçmişine we täze ýeňişlerine dahyllydygy baradaky pikir watançylyk sahna çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. “Şatlyk”, “Galkynyş”, “Joşgun” hem-de “Ruhubelent çagalar” tans toparlary tomaşaçylara “Joşup saýrar nesiller” atly joşgunly çykyşy hödürlediler. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli türkmen halkynyň agzybirligini, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň ägirt uly işleri bilen aýrylmaz bagly bolan täze taryhy eýýamyň üstünliklerini wasp edýär. Konsert ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän iň gowy döredijilik toparlarynyň, meşhur häzirki zaman we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar özboluşly türkmen milli sungatynyň gazananlaryny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olaryň köpüsi öz çykyşlaryny milli Liderimize--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşladylar. Türkmen medeniýetiniň hakyky gülläp ösüşi Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumzyň sungat ussatlary tomaşaçylara täze we meşhur aýdymlardan, özboluşly saz kompozisiýalaryndan düzülen ajaýyp döredijilik çemenini sowgat berdiler. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň iň gowy folklor – etnografiki toparlary hem özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler. Tomaşaçylar dünýäniň nusgawy sazynyň genji-hazynasyndan eseri ýerine ýetiren “Mukam” skripkaçylar toparynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, “Meňli”, “Margiana”, “Dessan”, “Aşgabat”, “Miras”, “Ahal öwüşginleri” tans toparlarynyň, ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän folklor toparlaryň köp öwüşginli çykyşlaryny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Artsileriň çykyşlary mahalynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda şanly wakalary şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Däp bolşy ýaly, konsertiň ahyrynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlary tarapyndan halkymyzyň bitewiligini, onuň döredijilik ruhubelentligini alamatlandyrýan gadymy “Küşt depdi” tansy ýerine ýetirildi. Baýramçylyk konserti aýdymçylaryň, şeýle hem olara goşulan dabara gatnaşyjylaryň “Parla, Baýdagym!” aýdymy ýerine ýetirmegi bilen jemlendi. Bu aýdym ýurdumyzyň ýaşyl Baýdagynyň özboluşly senasyna öwrülip, tomaşaçylaryň kalbyny eziz Watanymyza buýsanç, döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk duýgusyndan doldurdy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz parahatçylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.Watançylyk aýdymynyň belent owazy astynda konserte gatnaşýan döredijilik toparlarynyň ählisi sahna çykyp, Watanymyzyň mukaddes tugunyň tolkun atýan keşbini emele getirdiler. Konsertiň bu jemleýji çykyşyna tomaşaçylar mynasyp baha berdiler. Olar ör turup, eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny beýan etdiler. *** Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy agşam türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, depesinde Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň Ýaşyl tugy parlaýan ägirt uly baýdak sütüniniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýerde, Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde Garaşsyz Watanymyzyň hem-de onuň mukaddes nyşanynyň hormatyna baýramçylyk sazynyň owazy belentden ýaňlandy, milli tanslar we aýdymlar ýerine ýetirildi. Baýramçylyk ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy. Onuň köp öwüşginli şöhlesi ak mermerli paýtagtymyzyň agşamky asmanyny ýagtylandyrdy. Ählihalk baýramçylygy gününde ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda köpsanly döredijilik çäreleri geçirilip, ýurdumyzyň raýatlarynyň millionlarçasynyň özleriniň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we häzirki döwürde hakyky gülläp ösüş eýýamyny başdan geçirýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda ýaşamak bagtyna bolan belent buýsanç we şatlyk duýgusynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow