Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 12.10.2018
1673

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara — dahyllylara: Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde; Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi. “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 85-nji Kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. *** Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy. Resminama bilen ýokarda görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olaryň sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek tabşyryldy. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň häkimlikleri bilen ylalaşyp, Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlaryna ýer böleklerini bölüp bermegiň hem-de ondan peýdalanmagyň Tertibini işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we azyk bolçulygyny pugtalandyrmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin gök-bakja, ýeralma ekinlerini, üzümi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy. Resminama bilen ýokarda görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olarda ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek bilen gök-bakja, ýeralma ekinleriniň, üzümiň we miweli baglaryň hasylyny ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere degişli meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek tabşyryldy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde önüm öndürijilere ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça namalary kanunçylykda bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Myradow Amanmuhammet Atageldiýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri Enermyradow Öwezmyrat Islamowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministriniň galla we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary Myradow Toýlymyrat Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Osmanow Atadurdy Ataberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada oňa soňky gezek duýduryldy.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow