Baş sahypa
\
Medeniýet
\
BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy
Medeniýet
BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy
Çap edildi 27.04.2015
2259

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Aşgabat aýdym-saz merkezide iki ýurduň sungat ussatlyrynyň bilelikdäki konserti döredijilik baýramçylygynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Iki döwletiň baştutanlary - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň başlangyjy bilen geçirilýän bu iri möçberli medeni çäre aýdyň dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrüldi we özara düşünişmek, hormat goýmak we ynam ýöreleglerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ozal habar berlişi ýaly, BAE-niň medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň uly topary Aşgabada geldi, olaryň hatarynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlary bar. Munuň özi iki ýurduň döredijilik işgärleriň arasynda göni gatnaşyklary, tejribe alyşmagy hem-de döredijilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Döwlet medeniýet merkezinde, Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen duşuşyklar, ynsanperwerlik ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berdi. BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň özboluşly sungaty, däp-dessurlary, bu ýurduň medeniýet babatynda häzirki döwürde gazananalary bilen tanyşdyrdy. Arap sazandalarynyň, folklor toparynyň çykyşlary, Arap kinofilmleriniň görkezilmegi, fotosuratlaryň we amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi, medeniýet işgärleri bilen duşuşyklar, türkmen-arap medeni gatnaşyklarynyň çäklerini has giňeltdi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide Arap halk senetkärleriniň işleri görkezildi, olar Birleşen Arap Emirlikleriniň amaly-haşam sungatynyň we senetkärliginiň köp öwüşginli çeperçiligini beýan etdi. Sergä gelip görenler nepisligi bilen haýran galdyrýan şaý-sepleri, gap-çanaklary, demirden we agaçdan işlenilen bezeg önümlerini, dokalan torbalary, ýaglyklary we halyjyklary, çeper bezegli milli lybaslary höwes bilen synladylar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň amaly-haşam sungaty diňe bir halkyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan özboluşly däp-dessurlaryny saklamakda däl-de, ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Dostlukly ýurduň çeperçilik senediniň gözden geçirilişine gelen köpsanly sungat muşdaklary özboluşly senet işerini synlap lezzet aldylar, senetkärlik önümleriniň taýýarlanyş usullary bilen tanyşmaga, ussatlyk sapaklaryna hem gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Jemleýji konsert türkmen paýtagtynyň jemgyýetçiliginiň, döredijilik intelgensiýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we arap medeniýetine maýyllaryň köpsanlysynyň gatnaşmagynda geçirildi. Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowwa we bu çäräniň ähli guramaçylaryna gadymy türkmen topragynda özlerine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki döwürde dürli ugurlarda gazanan belent üstünlikleri bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda medeniýetiň ösüşiniň esasy meýilleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk kosertinde türkmen we arap artistleri halk we häzirki zaman aýdym-sazlaryny, folklor çykyşlaryny ýerine ýetirdiler, milli we dünýä saz medeniýetiniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Çykyşlaryň ählisinde milli däp-dessurlary saklamagyň möhümdigini baradaky äheňler äşgär duýuldy. Konsertde türkmen we arap sazandalarynyň bilelikde çykyş etmegi aýratyn täsir galdyrdy. Dürli nesillere, milletlere hem-de medeni ýörelgelere degişli sazandalaryň öz gaýtalanmajak ýerine ýetiriş usullarynyň bardygy hemmelere mälimdir, emma şu gün türkmen we arap artistleriniň çykyşlary bitewi sazlaşygy emele gitirdi. Şeýle gatnaşyklar halklara biri-biriniň däp-dessurlary, täsin sungat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga kömek edýär. Bu ýerde guralan özboluşly aşpezlik sergisi hem dostluk baýramçylygyna hoşniýetli öwüşgin çaýdy – ýygnananlaryň hemmesine milli tagamlar hödür edildi. BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýurdumyzyň Döwlet horunyň hem-de bilelikdäki konserte gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Garaşsyz Türkmenistana şöhrat!, Arkadaga şöhrat!” diýen aýdym bilen tamamlandy.

Soňky habarlar
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow