Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 29.05.2015
2425

Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şu hepdäniň birnäçe günleriniň dowamynda medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilki toparlary, medeniýet we sungat işgärleri, meşhur aýdymçylary we sazandalary horwatiýalylara türkmen halkynyň aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem edebiýatynyň we halk döredijiliginiň köp öwüşginliligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, milli medeni mirasyň gadymy gymmatlyklary bolsa sungat muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Horwatiýa Respublikasynyň paýtagty Zagreb şäheriniň Mimara muzeýiniň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bu çäräniň iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga saldamly goşant bolandygy, medeniýet we sungat ussatlaryny belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrandygy nygtaldy. Dabaraly çärä Horwatiýanyň döwlet düzümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, ýurduň döredijilik we ylmy intelligensiýasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar halkara medeni çäräniň jemini jemläp, onuň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny hem-de mundan beýläk-de medeni alyşmalar üçin ygtybarly esasy döredendigini bellediler. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň jemleýji konserti bolsa iki ýurduň halklarynyň dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konsertiň maksatnamasyna nusgawy we milli saz eserleri,köp öwüşginli tanslar, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny wasp eden bagşylaryň çykyşlary girizildi. Dabaranyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Horwatiýanyň bu ulgamda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
09.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­tin­dä­ki çykyşy
09.10
Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
top-arrow