Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Çap edildi 01.10.2018
1674

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimize BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady. Erik Stýuart türkmen tarapynyň täze başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, bu möhüm teklipleriň dünýäniň diňe bir jemgyýetçilik-syýasy toparlary tarapyndan däl-de, işewür toparlar tarapyndan hem goldanyljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda amerikan kompaniýalary bilen deňhukuklylyk esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryna ýokary baha berip, ýurdumyzyň häzirki wagtda iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny amala aşyrmak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we işewür türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistanda daşary ýurt işewürligi üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtap, esasy amerikan kompaniýalarynyň amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara hem-de milli ösüş maksatnamalaryna gatnaşmaga gyzyklanmasyny beýan etdi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary, ulag, aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklary, şeýle hem beýleki ugurlar bilelikdäki tagallalary jemlemek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi we döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, işewürler geňeşiniň öňde boljak mejlisine gatnaşjaklaryň sanynyň garaşylanyndan has köp boljakdygy barada aýdyldy. Oňa gatnaşjaklaryň hatarynda diňe ABŞ-nyň däl, eýsem, Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň kompaniýalary hem bar. Olar maliýe dünýäsiniň örän iri banklaryny goşmak bilen, bu ulgamda dünýä işewürleriniň ýokary derejeli kompaniýalarydyr. Bellenilişi ýaly, bu düzüm tarapyndan guralýan işewürler duşuşyklarynyň, maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň döwlet hem-de hususy toparlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy, garaşylyşy ýaly, oňa ýurdumyzda möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýän iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we işewür soňky ýyllarda täze ösüşe we mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow