Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
Çap edildi 15.09.2018
1530

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Mähriban Watanymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, ajaýyp döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýan hem-de döredijilikli zähmet çekýän halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmak, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak döredijilik işgärlerimiziň esasy borjudyr. Ýurdumyzyň söz ussatlarynyň, aýdym-saz wekilleriniň, bagşy-sazandalarymyzdyr mukamçy kompozitorlarymyzyň, žurnalistlerdir suratkeşlerimiziň ajaýyp durmuşymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän kämil eserleri döretmekleri, bagtly durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Medeniýet we sungat işgärlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli guralýan çärelerde üstünlikli çykyş edip, halkymyzyň hormat-sarpasyna mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, edebiýatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolan çeperçilik taýdan gymmatly edebi eserleri döretmäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly: «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Çaryýar Seýitliýewe, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady Orazgeldi Amangeldiýewe, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň baş dirižýory Nurygandym Hojamuhammedowa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň mugallymy Orazmyrat Amanmyradowa, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Akjagül Suhanowa, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady Kakageldi Gullyýewiç Garajaýewe, Džamal Gurban Annaniýazowa (merhum), Akmyrat Bäşimowa (merhum); «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady: «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri Döwletgeldi Annamyradowa; «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň çeper bezeg işlerini ýerine ýetirýän bölüminiň başlygy Guwançmyrat Ýagmyrgeldiýewiç Maşadowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Sergeý Nikolaýewiç Ýagurtowa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň okuw kitaplaryny çykarýan bölüminiň baş hünärmeni Olga Dmitriýewna Nurýagdyýewa; «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady Gülşirin Ataýewna Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň režissura we teatry öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Apbaýewiç Sagtyýewe, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň çeper ýolbaşçysy Ilşat Annamämmedowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginiň Döwletli obasynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Dörtguly Orazmuhammedowiç Esenowa; «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady: Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Babajan Açilowiç Hudaýberdiýewe, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmuhammet Çaryýewiç Kulyýewe, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Nurmuhammet Ataýewe, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň «Türkmenistanyň çeperçilik fondy» döredijilik-önümçilik birleşiginiň zergäri Ibragim Paşaýewiç Gadžiattaýewe, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň saz gurallarynyň sazlaýjysy Ýewgeniý Wladimirowiç Sapegine; «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady: «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy Atahanowa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow