Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 14.09.2018
1514

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerli ähmiýetli howa menzillerini dikeltmek we bu ugurlarda ulanyljak howa gämilerini saýlap almak, howa gämileriniň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen gidýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow