Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 28-nji Fewral
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 28-nji Fewral
Çap edildi 28.02.2015
1515

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Pakistandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyk kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, M-100 kysymly mazudy we awtoulag ýagyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Täjigistandan gelen täjirler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi we portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 137 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow