Baş sahypa
\
Sport
\
Aziadada türkmen agyr atletikaçylary dördünji orny eýeledi
Sport
Aziadada türkmen agyr atletikaçylary dördünji orny eýeledi
Çap edildi 27.08.2018
3149

ХVIII Tomusky Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Däp boýunça, has uly agramdaky türgenler iň soňunda çykyş etdiler. Ýurdumyza 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejesinde çykyş edip, dördünji orny eýelän Hojamuhammet Toýçyýew wekilçilik etdi. H.Toýçyýew ýaryşda meşhur türgenler bilen bäsleşmeli boldy. Ol bäsleşikde dünýäniň we Aziýanyň birnäçe gezek çempiony, Aziýa oýunlarynyň iki gezek ýeňijisi we 2012-nji ýylda Londonda geçen Olimpiadanyň çempiony Behdat Salimikordasiabi (Eýran), geçen ýylky dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi Sait Alihosseýni (Eýran), 2014-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň kümüş baýragynyň eýesi Çen Şi-Çi (Hytaý Taýbeýi) 2017-nji ýylda Aziýanyň çempiony bolan Rustam Jangabaýew (Özbegistan) bilen güýç synanyşdy. Öňde barýan dört türgen ilkinji göterilen agramda beýlekilerden tapawutlandy. Ýöne biziň türgenimiz asgyn gelmezlik üçin ilki 185 kilogramy, soňra bolsa iň oňat görkezijisi bolan 190 kilogramy galdyrdy. Onuň 195 kilogramy götermäge eden üçünji synanyşygy şowsuz boldy. Netijede, H.Toýçyýew “silkip” götermekde Hytaý Taýbeýinden bolan türgenden üstün çykyp, dördünji basgançagy eýeledi. Türkmen türgenine 235 kilogramy “itekläp” götermekde-de öňki eýeleýän ornuny saklamak başartdy. Ol iki synanyşygyň jemi boýunça umumy agramy 425 kilograma barabar edip, özüne dördünji orny berkitdi. Eýranly Salimikordasiabi ýaryşyň ýeňijisi boldy. Boks boýunça bäsleşik hem dowam edýär. Türgenlerimiziň ikisi 1/8 finala çykmagy başarmadylar. 75 kilograma çenli agramda çykyş edýän Nursähet Pazzyýew Hytaý Halk Respublikasyndan bolan boksçy bilen bara-bar ýaryşdy. Ýöne eminler aýry-aýry çözgütler esasynda ýeňişi hytaýly wekile berdiler. Ertir boksçular çärýek finallarynda bäsleşerler. Şeýle hem kuraş göreşi boýunça ýaryş hem badalga alar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow