Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň mejlisi
Ykdysadyýet
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň mejlisi
Çap edildi 27.05.2015
1569

Aşgabat, 27-nji maý (TDH) . Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň wise-premýer ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkonyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Iki dostlukly ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklarynyň, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Gepleşikleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz, himiýa we energetika pudaklarynda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda, anyk aýdylanda bolsa, nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny düzmek we gurmak, turba önümlerini hem-de nebitgaz enjamlaryny ibermek babatda, şeýle hem Aşgabatda ýerasty lagym geçiriş ulgamyny hem-de arassalaýjy desgalaryň toplumyny gurmakda toplanan işleriň oňyn tejribesi bellenildi. Bilelikdäki düzümleýin taslamalary—Türkmenabat şäherinde täze howa menziliniň gurluşygyny, Daşoguz şäherinde uçuş-gonuş zolagyny, Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň, şeýle hem gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunda iki sany demir ýol köprüleriniň gurluşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar oba hojalygyny özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň täze ýokary netijeli tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary; häzirki zaman oba hojalyk önümçiligini dolandyrmak; weterinar hyzmatlaryny hem-de weterinar gözegçiligini kämilleşdirmek babatda üstünlikleri we tejribeleri alyşmak boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň hünärmenleriniň we alymlarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oba hojalyk toplumynyň ugry boýunça geçirilýän maslahatlaryň, sergileriň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, Aşgabatdaky bilelikdäki toparyň şu mejlisiniň köpugurly türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreleri kabul etmegiň zerurdygy nygtaldy. Kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalarynyň arasynda işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we goldamagyň, şeýle hem önümçilik ulgamynda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň wajypdygy bellenip geçildi. Toparyň agzalary däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge barha artýan özara gyzyklanmany nygtap, iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, telekeçilik işleriniň kanunçylyk taýdan sazlaşdyrylmagyny has-da ösdürmek boýunça, Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür- maslahatlaryny, sergilerini, ýarmarkalaryny, ykdysady günlerini geçirmek wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar gumanitar gatnaşyklary, ilkinji nobatda, döwletara türkmen-ukrain aragatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde bilim, ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň döredijilik maslahatlaryna gatnaşmagy babatda bir pikiri aýtdylar. Taraplar sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow