Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Çap edildi 16.08.2018
1631

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “OSI Systems” we “S2 Global” kompaniýalarynyň prezidenti Jonatan Flemingi kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz eýeleýän orunlaryny berkitmäge ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de gün tertibiniň ählumumy meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny bellediler. Bu bolsa onuň dünýä derejesinde barha artýan abraýyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylyk döredijilik ugurlaryna ygrarly hem-de daşary syýasatyny Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde amala aşyrýan ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda amerikan kompaniýalary bilen deňhukuklylyk esasda netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegi has-da işjeňleşdirmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän ABŞ-nyň öňdebaryjy işewür düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtady. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda tutuş yklym giňişliginde ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ulag-kommunikasiýa ýollaryny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalaryň we ilkinji nobatda, ulanmaga berlen Ýewraziýa gatnawlary üçin möhüm bolan Türkmenbaşydaky döwrebap Halkara deňiz portunyň ähmiýeti bellenildi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň halk hojalyk toplumyny depginli senagatlaşdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalara we uzak möhletli maksatnamalara gatnaşmagynyň meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalarynyň hem Amerikada işlemeginiň geljekki mümkinçilikleri duşuşygyň ýene-de bir meselesi boldy. Amerikan işewürleri bilen söhbetdeşlik Awaza derýasy boýunça ýahtada bilelikde gezelenç etmegiň barşynda dowam etdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ölçeglere doly kybap gelýän döwrebap dynç alyş düzümi kemala getirildi. Şunda ekologiýa ýagdaýyna, türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň tebigy aýratynlyklarynyň saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Häzir Hazar deňzinde we Awaza derýasynyň çäklerinde ynsan üçin ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu ýerde dynç alýan adamlaryň saglygyny berkitmek babatda aýratyn möhümdir. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar dürli pudaklarda maýa goýum taslamalaryna Amerikanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garap, netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika we ulag-logistik ulgamy, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy, sport, syýahatçylyk we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli ýollaryny kesgitlemäge ýardam berýän işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň uzak möhletli özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda amerikan işewürleri Türkmenistanyň meýilleşdirýän iri möçberli taslamalaryna aýratyn üns berdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow