Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine ugramagynyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Iş maslahaty Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna hem-de şanly senelere taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy. Hökümet agzalary öňde boljak möhüm wakalara we baýramçylyklara, täze okuw ýylynyň başlanmagyna hem-de meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy babatynda öz gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada habar berdiler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ony döwrebaplaşdyrmak we pudaklaýyn işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz ugurlaýyn düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň giň möçberli bolmagynyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, sebit ähmiýetli ulag toplumlarynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda onuň işiniň kämilleşdirilmegine, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň toplumlaýyn ösdürilmegi bilen bagly wezipeleriň möhümdigini belläp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmeginiň, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmeginiň, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sanly ykdysadyýeti tizleşdirilen depginlerde kemala getirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan, öň görlüp-eşidilmedik ýokary göterilişi başdan geçirýär. Bu ugurda döwletimizde sebitleriň toplumlaýyn ösdürilişine uly üns berilýär. Halk hojalyk toplumynyň mümkinçilikleriniň kuwwatyny ýokarlandyrmakda nebiti gaýtadan işleýän himiýa, dokma, azyk senagaty, gurluşyk, saglygy goraýyş we bilim ýaly ulgamlar möhüm orny eýeleýärler. Senagat önümçiliginiň ýaýbaňlandyrylmagy, oba hojalygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň umumy ösüşine güýçli depgin berýär. Şoňa görä-de, bu ugurlarda ösüşiň depginlerini peseltmezden, täze belent netijeleri gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeni-köpçülik çäreleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň uly ähmiýeti bardyr, olarda ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri halkyň bagtyýar durmuşy we belent ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşyny, abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmek ähli özgertmeleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, öňde durýan möhüm wezipeleri çözmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işiniň möhümdigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwletiň mundan beýlägem bu ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmagy, harby gullukçylaryň döwrebap gulluk we durmuş şertlerini döretmegi hemişe üns merkezinde saklajakdygyny belledi. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça milli maksatnamalarda bellenen ähli çäreleri sazlaşykly durmuşa geçirmek döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we jemgyýetimizi gülledip ösdürmegiň ygtybarly kepilidir diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.