Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şuş­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şuş­dy
Çap edildi 12.08.2018
1679

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti ta­mam­la­nan­dan soň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len du­şuş­dy. Iki ýur­duň Li­der­le­ri bi­rek-bi­re­gi sam­mi­tiň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi we Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa hem-de bäş­ta­rap­la­ýyn mö­hüm res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi bi­len gut­la­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­we mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik, sam­mi­tiň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de onuň jem­le­ri­niň Ha­zar deň­zin­dä­ki kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry öňe iler­let­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Söh­bet­deş­ler şu gün ka­bul edi­len we du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň äh­li­si üçin äh­mi­ýet­li bo­lan çöz­güt­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Söh­bet­deş­ler şo­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, se­bit­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de we yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek­de, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da onuň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar. Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew iki döw­le­tiň halk­la­ry­ny ta­ry­hy we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di, şeý­le hem soň­ky dö­wür­de bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len nyg­ta­dy, şun­da ola­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Şu gün bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­my­za tä­ze sa­hy­pa ýa­zyl­dy, bu gat­na­şyk­lar kö­p a­syr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le gel­di. Hä­zir­ki­ za­man tap­gy­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin äh­li se­riş­de­ler bar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti aýt­dy. Söh­bet­deş­ler ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry, şeý­le hem söw­da, ener­ge­ti­ka we ulag ul­ga­my ýa­ly mö­hüm pu­dak­lar­da­ky bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, ta­rap­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn we se­bit­le­ýin de­re­je­ler­de ýyg­jam hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty ulag ul­ga­myn­da­ky ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Mu­nuň özi Ga­za­gys­ta­nyň port­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da hem äh­mi­ýet­li­dir. Ta­rap­lar sam­mit­de öňe sür­len eko­lo­gi­ýa me­se­le­si ba­ra­da aýt­mak bi­len, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar hem-de gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň aw­gust aýy­nyň soň­ky on­gün­lü­gin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gy­nyň gün ter­ti­bi­ne Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mek me­se­le­si gi­ri­zil­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew dost­luk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iki ýur­duň yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, bu gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de iki do­gan­lyk hem-de goň­şy halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
top-arrow