Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan-Ýaponiýa: işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýoly bilen
Ykdysadyýet
Türkmenistan-Ýaponiýa: işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýoly bilen
Çap edildi 28.06.2015
1532

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan doly möçberli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Bu duşuşyga Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwanyň gatnaşmagy bu duşuşygyň derejesini artdyrdy. Ol Ýaponiýanyň işewürleriniň örän uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza geldi. Şol wekiliýetiň düzümine nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda taslama düzmekde we gurluşykda, maliýe ulgamynda we maýa goýumlarynda maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynda, saglygy goraýyşda we söwdada ýöriteleşen onlarça iri firmalaryň we korporasiýalaryň wekilleri girdiler. Olar “Itocu”, “Marubeni”, “Sojitz”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “JOGMEC”, “Chioda”, “Sumitomo”, “JGC”, “Kawasaki Heavy Industries” ýaly köpugurly korporasiýalar, şeýle hem iri söwda assosiasiýalary hem-de ylym we bilimden başlap, enjamlara we maýa goýumlara çenli köpdürli ugurlarda uly hyzmatlary we toplumlaýyn çözgütleri hödürleýän beýleki kompaniýalardyr. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümet agzalary, esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýä meşhur ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär. Olar täze iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň senagatynyň ösmegine ýardam berip, netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Nebitgazhimiýa pudagynyň, elektroenergetikanyň, multimodal ulag düzümleriniň okgunly ösüşi işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de Ýaponiýanyň ençeme ugurlarda, ilkinji nobatda, ylma degişli we maýa goýum taýdan özüneçekijilik babatda tejribesini has giňden çekmek üçin ynamly şertleri döredýär. Ýaponiýanyň döwlet ministri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesinde birek-birege ynam we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi hem-de şu işewürlik maslahatynyň iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy has-da giňden ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Wekiliýetiň ýolbaşçysy ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynyň örän netijeli häsiýetini uly kanagatlanma bilen nygtady. Şol duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary we olary ösdürmegiň geljegi boýunça özara pikir alyşmalar boldy. Daýşiro Ýamagiwanyň belleýşi ýaly, Ýaponiýa baý tebigy serişdelere we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan, ykdysady görkezijileriniň durnukly ýokary ösüşini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şu babatda hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparynyň işine ähmiýetli orun berilýär. Maslahatyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi, hususan-da, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürjek häzirki zaman gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynda Owadandepede benzin öndürjek zawodyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşan şertnamasy boýunça “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürjek zawodyň gurluşygyna girişdi. Bina edilýän kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüm öndürmekden ybaratdyr. Energetika babatda Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde onuň ähmiýetli ornuny nazarda tutup, hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Ol maslahat “Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Sumitomo korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda” Ähtnama gol çekilmegi bilen tamamlandy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek guramasynyň wekilleriniň arasynda Türkmenistanda durmuş harytlary we öýjükli tehnikany ýygnamak boýunça kärhanany açmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda “Sojitz” kompaniýasy Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda fosfor dökünleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça taslamalary, “JGC” hem-de “ITOCHU” korporasiýalary tebigy gazy we nebithimiýany gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bulardan başga-da, ýapon tarapynyň gaz ýataklarynda ulanylýan ýörite enjamlary getirmek, tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça tehnologiýalary (GTL), sement zawodynyň gurluşygy we beýlekiler babatda tekliplerine garaldy. Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň işewürleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny nobatdaky gezek tassyklap, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Işewür we netijeli ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň wekilleri bilen ýapon kompaniýalarynyň menejerleriniň we hünärmenleriniň arasynda ikitarapldaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar anyklaşdyryldy hem-de bilelikde hereket etmegiň meýilanamasyny işläp taýýarlamaga umumy çemeleşmeler ylalaşyldy.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow