Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 01.08.2018
1627

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanowy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny we türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Gazagystan bilen biziň ýurdumyzy ozaldan gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar we häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Prezident Nursultan Nazarbaýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de dostluk we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda uly üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, goňşy ýurtlar, şol sanda Gazagystan bilen özara gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz hem-de ilçi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly sebitara hem-de halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini bellediler. Şunda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň birek-birek üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýandygy nygtaldy. Geçen ýylyň aprel aýynda Astanada gol çekilen degişli şertnama we umuman, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna eýe bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, başga-da birnäçe geljegi uly ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu babatda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän bilelikde amala aşyrylan iri düzümleýin taslamalary mysal getirmek bolar. Ekologiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň häzirki döwür üçin esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan we Gazagystan bu ugurda, hususan-da, ýurdumyzyň häzirki döwürde başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Şeýle hem Hazar deňziniň meselelerini çözmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ähmiýet berilýär. Bellenilişi ýaly, netijeli ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmen we gazak halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, bu ugurdaky gatnaşyklar ýyl-ýyldan täze tejribe we mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Duşuşygyň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanow deňhukukly, birek-birege hormat goýmak we işjeň esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow