Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Çap edildi 26.06.2018
1552

Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar! Hormatly adamlar! Sizi «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda guralýan bu sergi-ýarmarkanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki döwürdäki durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynda, ýokary we innowasion tehnologiýalara esaslanýan ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze usullaryny we görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Munuň özi içerki söwdanyň ýokary depginler bilen ösüşinde hem öz beýanyny tapdy. Telekeçilik işjeňligi ýokarlandy, işewürligi guramagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar. Şeýlelikde, durmuşa geçirilýän tutumly işleriň we oýlanyşykly syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň içerki we daşarky söwdasynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagy harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny we ylma esaslanýan önümleriň önümçiliginiň giňeldilmegini şertlendirdi. Eziz watandaşlar! Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar! «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarka milli söwda pudagynyň özboluşlylygyny görkezip, söwdanyň ösüşiniň ýörelgelerine, içerki bazaryň ýagdaýyna, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerine baha bermäge şert döreder. Çünki daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän, uly isleg bildirilýän önümleriň sanawy barha giňelýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilýän sergi-ýarmarka dükanlarymyzyň hem-de bazarlarymyzyň harytlarynyň ähli görnüşlerini görkezer. Alyjylara ýokary hilli hyzmatlary teklip etmek babatda giň mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk eder. Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar! Hormatly adamlar! «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarka ýurdumyzyň söwda ulgamynyň gazanýan üstünliklerini, soňky ýyllarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen görkezer. Sizi «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow