Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy
Çap edildi 20.06.2018
1645

“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. OYR-nyň ýokary wezipeli wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bellenilişi ýaly, owgan halky sebitde durnuklylygy berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän hem-de iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ygtybarly pugtalandyrýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýan Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de öz owgan kärdeşine salam ýollap, Türkmenistanyň Owganystan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklary taryhy hil taýdan täze tapgyry başdan geçirip, olar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň Baştutany Abdulla Abdulla şu günki forumyň gün tertibi barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň üçünji müňýyllykda Durnukly ösüş üçin mäkäm binýady döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini belledi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmesiniň zerurlygy babatda netijeli teklipleri halkara toparlarynda günsaýyn uly goldawa eýe bolýar. Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek halkara giňişliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň umumy strategik maksatlary bolup durýar. Olary gazanmak üçin ýurtlaryň ikisi hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary saklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz energetika howpsuzlygy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly halkara syýasatyň esasy ugurlary boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Owganystanyň ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy usullar bilen çözmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. Duşuşygyň barşynda, ýangyç-energetika ulgamynda, has takygy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gaz geçirijiniň çekilmegi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine hyzmat eder. Şunda ulag geçelgelerini döretmek, şeýle hem iri elektroenergetika düzümini gurmak geljegi uly we bähbitli işler bolup durýar. Milli Liderimiz ýakynda Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň açyljakdygyny belledi, ol goňşy döwlete elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Abdulla Abdulla hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna doganlyk ýurduň durnukly ösmegine berilýän uly goldaw hem-de raýdaşlyk üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, taraplaryň özara erk-islegine daýanyp, geljekde hem has-da berkejekdigine we üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow