Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 16.06.2018
1610

Mähriban uçurymlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, kanunçylygy ygtybarly gorajak ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem zähmet ýoluna we harby gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň gadamlaryňyzyň batly, buýsançly başlaryňyzyň hemişe belent bolmagyny, geljekde size ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin. Merdana Watan goragçylary! Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini has-da berkitmek siziň mukaddes borjuňyzdyr. Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri! Türkmenler ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga örän uly ähmiýet beripdirler. Şöhratly taryhymyzda türkmen serkerdeleriniň görkezen deňsiz- taýsyz edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy halkymyzyň kämil harby sungatynyň bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gazananlarynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmak, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin bilimiňizi has-da kämilleşdirmek, göreldeli gulluk etmek siziň baş wezipäňize öwrülmelidir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň we mähriban halkymyzyň goragynda durmak uly hormatdyr, belent mertebedir we beýik jogapkärçilikdir. Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary! Biz 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýylda türkmen ykdysadyýetine, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine, sebitiň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine örän uly täsir etjek Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy, «Serhetabat - Turgundy» demir ýolunyň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp, ulanmaga berilmegi, «Amul - Hazar 2018» awtorallisine, «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň şanly taryhyna şöhratly sahypalary ýazdy, Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Garaşsyz Diýarymyzda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň orny örän uludyr. Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar! Bütin dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän häzirki döwründe ýurdumyzyň harby okuw mekdeplerinde sapaklaryň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw işine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden ulanmak zerur şert bolup durýar. Geljekde hem siziň bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen berjaý edip, ylymly- bilimli, arassa ahlakly, beden taýdan sagdyn, merdana watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn. Mukaddes Watanymyzyň merdana gerçekleri! Siz Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele almalysyňyz. Döwletimiziň berk goraglylygyny üpjün edip, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine saldamly goşant goşmalysyňyz. Hormatly uçurymlar! Siziň Watany goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzy has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn. Sizi ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow