Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kolumbiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kolumbiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 07.06.2018
1517

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfonso Lopes Kabalýerodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda jenap Alfonso Lopes Kabalýero Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Myhman ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, baş maksady halkymyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň gülläp ösmegini gazanmakdan ybarat bolan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen-de tanyşdyryldy. Hususan-da, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim ulgamyny hem-de sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Diplomat Mejlisiň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işiniň ugurlary bilen hem tanyşdyryldy. Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge Kolumbiýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine iki tarapyň taýýardygy aýdyldy. *** Şu gün Kolumbiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. Alfonso Lopes Kabalýero DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna-da baryp gördi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow