Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 02.06.2018
1804

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň esaslandyran we 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu çözgüt sport bileleşigi tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi diýip, Igor Makarow belledi hem-de özi üçin welosipedçileriň Halkara bileleşiginiň ýolbaşçy komitetine agza hökmünde we Aşgabatda doglan hem-de ömrüni welosporta bagyşlan adam hökmünde şanly günde bu ýerde bolmagyň özi üçin örän ýakymlydygyny nygtady. Dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülýän türkmen paýtagtyna uly höwes bilen gelýändigini belläp, “ARETI” kompaniýasynyň baştutany ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz we beýleki pudaklarda köpýyllyk bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda dürli pudaklardaky täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Sport ulgamynda, şol sanda ýurdumyzda ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýan welosiped sporty ugrunda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özenini düzdi. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda giň möçberli sport çäresi bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, hususan-da, 2019-njy ýyldan başlap, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosport boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özara bähbitleri nazara almak arkaly ýola goýulýan hem-de anyk netijelere gönükdirilýän işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow