Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Çap edildi 02.06.2018
1581

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistany Bütindünýä welosiped gününi geçirmek baradaky başlangyçda eýeleýän öňdebaryjy orny bilen gutlaýaryn hem-de 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 193-sini birleşdirmek ugrunda geçirilen diplomatik işiň gerimine ýokary baha berýändigimi beýan edýärin. Ilkinji gezek bellenilýän bu senäniň baýram edilmegi welosipediň durmuş we ekologiýa taýdan artykmaçlyklaryny ýene bir gezek äşgär eder hem-de UCI bu işleri goldamagyny dowam eder. Biz Bütindünýä welosiped gününiň has-da giňden bellenilmegi ugrunda Ýer ýüzündäki hyzmatdaşlara birikmäge şatdyrys. Özümiziň 190 milli federasiýalarymyz hem-de tutuş dünýä boýunça bäş Yklym Konfederasiýalary bilen işlemegi dowam ederis, ähli ýaşlardaky we beden taýdan mümkinçilikleri bolan raýatlaryň bu çärelere gatnaşmagy hem-de welosipedlerde gezelenç edip, lezzet almagy üçin welosiped medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam bereris. Şäherlerde ulaglary howpsuz peýdalanmaga ýardam berýän düzümleri döretmek işinde hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Bütindünýä welosiped gününiň “Welosiped sporty hemmeler üçin” diýen täze başlangyçlary herekete girizmekde, BMG ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmakda her ýyl aýratyn sepgit boljakdygyna umyt edýäris. Eger-de adamlar sport bilen meşgullanmak hem-de dynç almak, şeýle hem işe gidip-gelmek üçin welosipedlerden peýdalansalar, amatly daşky gurşaw şertlerinde ýaşap, olaryň has-da sagdyn boljakdyklaryna ynanýaryn. Siziň welosiped sportuny hem-de welosipedde gezelenç etmek ýörelgelerini ösdürmek üçin tutuş dünýä oňyn binýady teklip edýändigiňiz üçin Size ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Dawid LAPPARTIENT, Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň prezidenti

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow