Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine
Çap edildi 29.05.2018
3238

Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri, gullukçylary, serkerdeleri, hatarçylary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymlary we talyplary! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň hünär baýramyňyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli senenamasynda möhüm orun eýeleýän we ýokary derejede bellenip geçilýän baýramlaryň birine öwrüldi. Hünär baýramynyň bellenýän gününde siziň ýurdumyzda tertip-düzgüni gorap saklamak bilen, jemgyýetimizde syýasy, ykdysady, medeni we ruhy durnuklylygy üpjün etmäge, ýaýbaňlandyrylan ählumumy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyňyz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, tutumly işleriň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine hem möhüm ornuň degişlidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri! Siz dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiziň Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň, parahatçylygyň hem-de milli agzybirligiň esaslarynyň barha pugtalandyrylmagyny, halkymyzyň asudalygynyň üpjün edilmegini, jenaýatlaryň we kanun bozulmalaryň öňüni alyp, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň ýokary derejede goralmagyny, kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmegini üpjün etmekde arman-ýadaman gulluk edýärsiňiz. Munuň özi siziň gulluk wezipäňiz bolmak bilen bir hatarda, ýurt öňündäki perzentlik borjuňyzdyr. Soňky ýyllarda eziz Watanymyz halkara derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlarynyň we halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi geçiriler. Şeýle hem awtoralli bilen utgaşyklylykda şol ugur boýunça ylgaw ýaryşynyň hem-de welosipedli ýörişiň geçirilmegi, ýurdumyzda sporta höwesjeň ýaşlaryň sanynyň artmagy Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyl paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli we guramaçylykly geçmegi, onda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri bizi guwandyrýar. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň belende galmagyny üpjün eden şol üstünliklerde Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna degişli türgenleriň bolmagy siziň umumy ýeňşe bolan goşandyňyzy aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde, ähli ugurlar boýunça belent derejelere ýetmeginde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu bolsa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, içeri işler edaralarynyň işgärlerini beýik maksatlara ýetmek ugrunda has yhlasly we tutanýerli işlemäge borçly edýär. Hormatly asudalygyň goragçylary! Türkmenistan Watanymyz ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça täze ýörelgeleriň we milli däpleriň utgaşdyrylyp, beýik işleriň amala aşyrylýan ýurduna öwrüldi. Döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda içeri işler edaralary häzirki zaman kämil tehniki serişdeler, döwrebap enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagynyň baş şerti bolup durýar. Siziň işleýän edaralaryňyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde ministrligiň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy öňde durýan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde, milli ykdysadyýetimizde, medeniýetde, sungatda we halkara gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň talabalaýyk gulluk etmekleri we oňat dynç almaklary üçin hem ähli şertler döredilýär. Olar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdireris. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan içeri işler edaralarynyň dürli ugurlarynda gulluk edýän işgärleriň her biri kalby päkligi, watansöýüjiligi, ukyp-başarnygy hem-de belent adamkärçiligi bilen hemmelere nusga bolmalydyr. Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri! Sizi döwlet derejesinde bellenýän Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan mukaddes hem-de jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow