Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Öwlýägulyýewiç Jumaýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktory wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Bazarow Batyr Aganazarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.