Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
Çap edildi 17.05.2018
1739

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, ägirt uly şatlyk bilen Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ähli gowulyklary we abadançylyk hem-de gülläp ösüş, tutuş musulman ymmatyna bagtyýarlyk dileg edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, dostlugymy we belent hormatymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Halyfa bin Zaýed AL NAHAÝAN, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Müsüriň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Biribardan türkmen halkynyň ähli doga-dileglerini kabul etmegini, bütin musulman ymmatyna ösüş we abadançylyk dileg edýärin. Jenap Prezident we gadyrly doganym, Size mübärek Oraza aýyny arzuw edýärin. Abdel Fattah AL SISI, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn. Size berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň. ABDULLA II, Iordaniýanyň Patyşasy. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size ähli gowulyklary hem-de abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş we rowaçlyklar dileg edýärin. Meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Mohammed bin Raşid AL MAKTUM, Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaýyň häkimi. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size ähli gowulyklary we abadançylyk, bütin musulman ymmatyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyklary dileg edýärin. Meniň mähirli gutlaglarymy, dostlugymy we hormatymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝAN, Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow