Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn asyr” AFK-NYŇ Kubogy ugrunda ýaryşy dowam eder
Sport
“Altyn asyr” AFK-NYŇ Kubogy ugrunda ýaryşy dowam eder
Çap edildi 16.05.2018
3306

Aziýa futbol konfederasiýasynyň ýaryşlarynyň toparçadaky tapgyry tamamlandy. “D” toparçasynyň toparlarynyň duşuşyklary türkmen janköýerleriniň aýratyn ünsüni çekdi, şonda 6 oýnuň dowamynda biziň iki toparymyz güýç synanyşdy. Olar ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” toparlarydyr. Jemleýji tapgyryň esasy duşuşygy Duşenbede geçirilip, ol ýerde Aşgabadyň “Altyn asyry” we Täjigistanyň “Istiklol” topary duşuşdy. Biziň toparymyz ýaryş tertipnamasynda garşydaşyndan iki utuk yzda barýardy. Bu bolsa meýdançanyň eýelerine ruhuny galdyrýan uly artykmaçlyk berýärdi. Türkmen futbolçylaryna bolsa diňe ýeňiş zerurdy. Şol ýeňiş ugrunda ýer eýelerinden üstün çykmak üçin ildeşlerimize öz ähli erkini-yhlasyny bir ýere jemlemek gerekdi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary uly hyjuw bilen oýna çykdy. Onuň üçin duşuşygyň birinji ýarymy üstünlikli boldy — iki pökgi “Istiklolyň” derwezesine salyndy. Oýnuň başynda Furkat Tursunow tapawutlandy, ahyrky minutda bolsa Zafar Babajanowyň dürs urgusy derwezä girdi. Ýagdaýlaryň şunuň ýaly barşy türkmen futbolçylarynda oýnuň bagtly netije bilen tamamlanmagyna umyt oýardy. Emma duşuşygyň ikinji ýarymy has dartgynly boldy. “Istikloly” hatda deňlik hem kanagatlandyrýardy. Biziň garşydaşlarymyz ep-esli tagalla edip, bir jogap pökgini saldy. Duşuşygyň soňlarynda, goşulan minutlaryň birinjisinde türkmen toparynyň derwezesine 11 metrlik jerime urgy ýerine ýetirilenden soň, hasap 2:2 boldy. Emma goşulan ýedinji minut “Altyn asyr” üçin bagtly pursatlary bagyş etdi, şonda Mihail Titow duşuşygyň tamamlanmagyna bary-ýogy sähelçe pursat galanda, biziň toparymyza ýeňiş getiren üçünji pökgini tora saldy. Türkmenistanyň topary toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşy dowam edýär. “Ahal” türkmen topary hem myhmançylykda Gyrgyzystanyň “Alaý” topary bilen oýnap, üstünlik gazandy. Duşuşygyň dowamynda 11 metrlik jerime urgyny ýerine ýetirip, Myrat Annaýew, Güýçmyrat Annagulyýew pökgi geçirdiler hem-de goşulan üçünji minutda ýene-de bir 11 metrlik jerime urgusyny Begenç Akmämedow ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, “Altyn asyr” 14 utuk toplap, “D” toparçada ýeňiji boldy. Bu bolsa arzyly Kubok ugrunda göreşi dowam etmäge oňat mümkinçilik berýär. “Ahal” topary bolsa ýedi utugy bilen ýaryş tertipnamasynda üçünji orny eýeledi. Köp sanly janköýerler Türkmenistanyň dört gezek çempionyny nobatdaky üstünligi bilen gutlaýarlar hem-de bellenilen maksatlara tarap ynamly öňe gitmegi arzuw edýärler. “Altyn asyryň” garşydaşy bije çekişlikden soň kesgitlener, ýöne türkmen “aragatnaşykçylaryna” Kubok ugrundaky ýaryşyň bu tapgyrynda gowşak toparlaryň bolmaýandygyny ýatda saklamak gerek.

Soňky habarlar
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow