Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 16.05.2018
1519

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Ýetip gelen mukaddes Oraza aýynyň nurana günlerinde tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň. Siziň ýakynda Özbegistana bolan döwlet saparyňyzyň döwletlerimiziň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk eçilmegini dileýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Şawkat MIRZIÝOÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen baglanyşykly gutlaglarymy uly şatlyk duýgusy bilen beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, öňegidişlik hem-de gülläp ösüş, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolelinlik we rowaçlyk eçilmegini dileýärin. Çuňňur hormatlamak we sarpalamak bilen, Mahmud ABBAS, Palestina Döwletiniň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Bu rehim-şepagatly aýda Siziň Alyhezretiňize Beýik Biribardan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna gülläp ösüş hem-de abadançylyk, agyz beklemek parzynyň we edilen doga-dilegleriň ählisini kabul etmegini, tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk eçilmegini dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Siziň doganyňyz, Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, Saud Arabystanynyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu röwşen aýda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli gowulyklary, doganlyk türkmen halkyna bolsa bolçulyk we abadançylyk eçilmegini dileýärin. Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Hamad bin Isa AL HALIFA, Bahreýniň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Şu mukaddes aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş, biziň ähli ybadatlarymyzy we doga-dileglerimizi kabul etmegini dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow