Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 14.05.2018
1600

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýan Boriden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini, ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk ädimleriniň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýandygyny nygtady. Gürrüňdeşligiň barşynda dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekiline Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hem-de ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada habar berildi. Ilçi şeýle hem milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi we onuň düzümi bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny aýdyp, diplomat ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň, ozaly bilen bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bütin dünýäde uly seslenme döretdi, ol häzirki zaman deňiz gatnawlar ulgamyny kemala getirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir hem-de Gara deňiz sebitine, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlaryna çykmak üçin aňrybaş amatly şertleri döreder, iri möçberli ýük gatnatmalaryna ýerüsti we howa gatnawlaryny goşmak bilen onuň ýoluny gysgaltmaga we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika ulgamynda, senagatda, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugurlarynda türkmen-slowak söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. *** Şu gün Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, duşuşykda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçiniň birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçiren duşuşyklarynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alşyldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow