Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
Çap edildi 07.05.2018
1568

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Wla­di­mir Pu­ti­ni Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. “Si­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da Rus­si­ýa­nyň sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler­de tä­ze sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de at-ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz gut­la­gyn­da bel­le­ýär. Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. “Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýurt­la­ry­myz has giň ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry bi­ziň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­my­zyň ne­ti­je­sin­de, ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ru­hun­da mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne we pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn” diý­lip gut­lag­da bel­le­nil­ýär. Ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Wla­di­mir Pu­ti­ne berk jan sag­lyk, bagt we döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­sin­de alyp bar­ýan jo­gap­kär­li işin­de uly üs­tün­lik, Rus­si­ýa­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow