Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1823

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi. Myhman häzirki zaman halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar bilen gutlap, milli Liderimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi, ol doganlyk türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikler gazanmak baradaky mähirli gutlaglary aýtdy. Jenap Ahmet Arslanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň hem oňyn döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini belledi, bu gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyň soňky döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini nygtady. Ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy, iki döwletiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugruň geljeginiň uludygyny şertlendirýär. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň iri möçberli taslamasy bu strategik ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr, ol türk hyzmatdaşlygy bilen bilelikde amala aşyryldy. Hazaryň kenarynda iň häzirki zaman deňiz terminallarynyň ulanmaga berilmegi sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, möhüm üstaşyr geçelgeleriniň we logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar, ähli gyzyklanma bildirilýän ýurtlara Ýewropa, Aziýa we Uzak gündogar bazarlaryna, Gara we Ortaýer deňizleri sebitine, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň deňiz portlaryna çykmagyň has gysga ýoluny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag meselesi boýunça halkara forumyň we öňde boljak YHG-niň agzalary bolup durýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Türkiýäniň işewürler toparlarynyň geljekde hem Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny beýan edip, jenap Ahmet Arslan türkmen Liderine ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan başdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow