Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Çap edildi 29.04.2018
1762

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Baştutanyna adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütin dünýäde artdyrmak hem-de wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň ösýän depginini kanagatlanma bilen nygtady. Muny bolsa hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklaýar. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň netijeleridir. BMG-niň ýokary wezipeli wekili Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan ýurt bolan Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belläp, döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara gatnaşyklarda Türkmen döwletiniň tutýan işjeň ornuny nygtady. Munuň özi örän gymmatly tejribedir, ýeke-täk maksat bolan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşygyň bähbidine bilelikdäki hereketleriň köptaraply guraly hökmünde oňa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly isleg bildirilýändigi gürrüňsizdir. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu bolsa milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow