Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.04.2018
1566

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman kabul etmäge wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milletiň we dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy — behişdi bedewleriň öçmejek şöhratynyň beýany bolan ýurdumyzda geçirilen iri möçberli dabaralara gatnaşmaga tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi. Şunda AOG-nyň halkara sport hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow AOG bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, ýurdumyzyň olimpiýa hereketiniň belent taglymlaryna hem-de sport ulgamynda ählumumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, ony işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. AOG-nyň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri şol sanda sport ulgamynda, häzirki zamanyň degişli düzümlerini döretmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek meselelerine ägirt uly üns bermeginiň aýdyň netijeleridir. Bu ulgamdaky öňdengörüjilikli strategiýa türkmen sportuny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýär. Geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. AOG-nyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk derejesi hem-de Aziýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň türgenlerine goldaw, ýaryşlary geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny aýtdy. AOG-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanda geçirilýän hem-de arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň gadymy milli ýörelgeleriniň gaýtadan dikeldilmegine, goralyp saklanylmagyna, aýratyn gözellige we nepislige eýe bolan bedewleriň bu täsin tohumynyň Ýer ýüzünde giňden wagyz edilmegine, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli işlere ýokary baha berdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň özi hem ussat çapyksuwar, bu ugurda tejribeli hünärmendir. Ahalteke bedewleri milletimiziň buýsanjydyr we bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasydyr, halkymyzyň örän baý taryhynyň aýrylmaz bölegidir diýen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda hem ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň türkmen halkynyň wepaly hemrasydygyny nygtady. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Aşgabat şäheriniň gaýtalanmajak keşbine haýran galýandygyny aýdyp, milli Liderimize we türkmen halkyna abadançylyk şeýle hem ähli gowulyklary arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow