Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy
Sport
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy
Çap edildi 25.04.2018
3346

Dakka şäherinde (Bangladeş Halk Respublikasy) woleýbol boýunça Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary finala çykyp, indi bäsleşigiň ýer eýeleri bilen duşuşarlar. Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň (3:0) we Özbegistanyň (3:1) ýygyndy toparlary bilen bolan oýunlarda ýeňiş gazanyp, “B” toparynda öň hatara çykdy. Ýarym finalda biziň türgenlerimiz Nepalyň woleýbolçylary bilen duşuşyp, öz bäsdeşlerine hiç bir utuk gazanmaga mümkinçilik bermediler hem-de olary 3:0 hasaby bilen utdular. Finalyň öňüsyrasynda biziň ýygyndy toparymyzyň 9:1 tapawudy bilen üç ýeňşi bar. Bangladeşiň ýygyndy topary bilen ýeňil bolmajak oýun 27-nji aprelde geçiriler.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow