Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara
Medeniýet
«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara
Çap edildi 18.04.2018
2470

Hormatly alymlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýdym-saz sungatyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatyň hem-de festiwalyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmegi aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmekde, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan düýpli ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek biziň öňe sürýän döwlet maksatnamalarymyzyň esasy meselesi bolup durýar. Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Biz häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir. «Görogly» şadessany, «Leýli — Mejnun», «Saýatly — Hemra», «Hüýrlukga — Hemra», «Şasenem — Garyp», «Nejep oglan», «Ýusup — Ahmet», «Ýusup — Züleýha», «Asly — Kerem» ýaly ençeme dessanlarymyz türkmen aýdym-saz sungatynyň köpasyrlyk taryhyny, inçe syrlaryny, halkymyzyň milli ruhuna mahsus öwüşginlerini özünde jemleýän, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen milli mirasymyzdyr. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan dessanlarymyz, halk döredijiligimiz halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, milli watançylyk ýörelgelerini, ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän, nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine buýsanç döredýän bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzdyr. 2015-nji ýylda Görogly dessançylyk sungatynyň, 2017-nji ýylda bolsa halkymyzyň Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda uly waka boldy. Hormatly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylar! Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp orny we belent abraýy diňe bir onuň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary bilen hem kesgitlenýär. Müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý taryhy-medeni mirasymyz eziz Watanymyzyň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň uludygyny doly subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz geçmiş mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmek, kämilleşdirmek, onuň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýäris. Biz geljekde hem bu örän möhüm işleri üstünlikli dowam ederis. Hormatly alymlar! Gadyrly myhmanlar! «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň aýdym-saz sungatyny wagyz etmäge, dünýä döwletleriniň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň arasyndaky dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, Ýer ýüzüniň halklarynyň aýdym-saz mirasy hem-de sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga uly ýardam berjekdigine ynanýaryn. Sizi halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Soňky habarlar
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
top-arrow