Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Çap edildi 13.04.2018
2108

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. Sebäbi, biz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýäris. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport desgalary — döwrebap stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, sport mekdepleri guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara, halkara ýaryşlara talabalaýyk taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda biz Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherçesini bina etdik. Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Türkmen döwletiniň taryhynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirdik. Biz welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Ýurdumyzda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň başynda bolsa biz «Amul — Hazar 2018» atly welosiped ýaryşyna hem badalga berdik. Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sporta höwesini has-da artdyrýar. Adamlaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüdi dünýäniň 56 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisiniň gün tertibine «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky» bölümi girizmek barada çözgüt kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Men sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu möhüm çözgütleri kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary eder.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow