Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 11.04.2018
2145

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýewiň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suwhanow Begmyrat Hojamyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Orazmyradowiç Berdiýew Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №4/1 karary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №5/1 karary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Ýazmyrat Halmyradowiç Abaýew Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Orazdurdy Meýlisowiç Suhanow Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Merdan Orazmyradowiç Myradow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň “Aşgabat — Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi we gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Balkan welaýatynyň häkimi Satlykow Satlyk Baýjanowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Lebap welaýatynyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hem-de alnyp barylýan gurluşyklaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Selimow Soýençnazar Nurnazarowiçe käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow