Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Biziň raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses bermäge gatnaşdylar
Syýasy habarlar
Biziň raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses bermäge gatnaşdylar
Çap edildi 25.03.2018
1520

Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary saýlawçylaryň ses bermäge ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi. Dünýäniň her bir sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda ir säher bilen saýlaw uçastoklarynyň hemmesi açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräni guraýjylar daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň, şeýle hem saýlaw döwründe Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertleri döretdiler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň beren maglumatyna görä, daşary ýurtda saýlawçylaryň 19 müň 788-si bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen 19-a çenli jemi 16 müň 206 saýlawçy öz seslerini berdi. Synçylaryň baha bermegine görä, ähli saýlaw uçastoklarynyň açylan pursadyndan başlap, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de okaýan watandaşlarymyz ýokary raýatlyk işjeňligini, jemgyýetçilik-syýasy çärä bolan jogapkärçiligini we bu işe bolan düşünjeliligini aýan etdiler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow