Syýasy habarlar
Maglumat habary
Çap edildi 16.03.2018
1800

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar missiýasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna monitoring işini dowam edýär. GDA-dan uzak möhletleýin synçylar Türkmenistanyň Mary, Balkan, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglaryna baryp gördüler. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary synçylara saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna tälim berlişi, şeýle hem saýlawlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler. Missiýanyň agzalary saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawlary boýunça geçirilýän işler, möhletinden öň ses bermegiň barşy bilen tanyşdylar. GDA-dan bolan synçylar saýlaw uçastoklarynyň tehniki we usulyýet üpjünçiliginiň gowudygyny, olaryň saýlawlary geçirmäge taýýardygyny belleýärler. Wagyz işleriniň barşy synçylaryň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda söhbetdeşler saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde geçýändigini bellediler. GDA-dan bolan Synçylar toparyny düzmek işi tamamlandy. Onuň düzüminde Azerbaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarusuň we Russiýanyň Birleşiginiň parlament ýygnagyna hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän adamlaryň 90-sy resmi taýdan bellige alyndy. GDA-dan Synçylar toparynyň ştaby 2018-nji ýylyň 16-njy marty.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow