Baş sahypa
\
Sport
\
AFK-nyň Kubogynyň “D” toparynyň ikinji oýunlary tamamlandy
Sport
AFK-nyň Kubogynyň “D” toparynyň ikinji oýunlary tamamlandy
Çap edildi 14.03.2018
3453

Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol kluby bilen Täjigistanyň “Istiklol” topary duşuşdy. “D” toparyň öňdebaryjylarynyň ýaryşy Balkanabadyň stadionyna futbol janköýerleriniň köp sanlysyny ýygnady. “Altyn Asyryň” birnäçe hüjümlerine garamazdan, oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady. Bäsleşigiň 50-nji minutynda “Istiklolyň” hüjümçisi biziň goragçylarymyzyň ýalňyşyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Şondan 9 minut geçenden soň ýaryşyň emini “Altyn Asyryň” derwezesine jerime urgyny yglan etdi. Garşydaşlar bu mümkinçiligi netijeli peýdalandylar. Şondan soň biziň toparymyzyň futbolçylary oýny has-da ýiti dowam etdiler. 90-njy minutda Myrat Ýagşyýew garşydaşlaryň derwezesine uzak aralykdan pökgini geçirmegi başardy. Esasy wagta goşulan üç minutyň dowamynda burçdan depilen pökgini Atamyrat Annadurdyýew derwezä gönükdirmegi başardy. “Altyn Asyr” topary ýeňiş gazanmak maksady bilen ähli ukybyny, başarnygyny görkezdi we oýny deňlemegi başardy. Deňme-deň oýun türkmen futbolçylaryna utuk sany boýunça toparyň öňdebaryjylarynyň arasynda galmaga we geljekki üstünlige ýol açmaga mümkinçilik berdi. Ikinji bäsleşigiň jemleri boýunça “Altyn Asyr we “Istiklol” toparlarynyň her biri 4 utuk eýeläp, öňde barýarlar. “Ahal” olardan bir utuk yza galýar. Oşuň “Alaý” topary yzky orna düşdi.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow