Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär
Çap edildi 12.03.2018
1676

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilelikde guradylar. Iki günlük forumyň dowamynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny taýýarlamagy dowam ederler. Hususan-da, taraplar Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň taslamasynyň tehniki ugurlaryny ylalaşarlar. Şu mesele boýunça ozalky duşuşyk 2017-nji ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda geçirildi. Ara alnyp maslahatlaşylýan resminamalaryň taslamasy hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanyldy. Şonda milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynyň sazlaşykly hereketi üçin hökümetara gatnaşyklarynyň döwrebap hukuk esasyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Bu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazar sebiti dünýä ykdysadyýetini umumylaşdyrmagyň çäklerinde Ýewraziýa giňişliginde iň möhüm geosyýasy, söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezi hökmünde esasy orny eýeleýär. Bu ýerde ylalaşykly, anyk hukuk kadalaryna we Hazarýaka ýurtlarynyň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy has-da wajyp bolup durýar. Bu sebitiň döwletleriniň tebigy serişde, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyny nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy äşgär duýulýar. Sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden we iri halkara forumlarynda birnäçe wajyp başlangyçlary, şol sanda hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady forumyny döretmek hem-de strategik taýdan möhüm ulag ulgamyndaky we beýleki ugurlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek hakyndaky teklipleri öňe sürdi. Şeýle forumyň döredilmegi, onuň mejlisleriniň Hazarýaka döwletleriniň deňze ýakyn şäherlerinde yzygiderli geçirilmegi oňa gatnaşyjylara her bir tarapyň bähbitlerini nazara alýan, dünýä işewürligi we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary goldamaga, işjeň hyzmatdaşlyk üçin has giň mümkinçilikleri açmaga ukyply hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň soňky ýyllarda döwrebap düzümiň we halkara ähmiýetli täze ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine, durnukly logistik düzümleriň kemala gelmegine, ulag hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändigine ýokary baha berildi. Munuň özi sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine täze itergi berer. Bu gezekki mejlisde garalýan hem-de ýokarda agzalan pudaklaýyn işleri kadalaşdyrýan resminama taraplaryň senagatda, oba hojalygynda, söwdada, syýahatçylykda we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmäge hem-de yzygiderli ýola goýmaga gönükdirilendir. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlyk Hazar deňzi boýunça goňşularyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny durnukly ösdürmäge we berkitmäge ýardam berer. Mejlise gatnaşyjylar bu ýerde edilen çykyşlaryň jemini jemlemek bilen, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçiliklere eýe bolan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hödürlenen ylalaşygyň taslamasynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Ertir maslahat öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow