Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Çap edildi 12.03.2018
2097

Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýyl ykdysady, durmuş ulgamlarynda we türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki möhüm ugurlarynda biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolar. Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň döretmek, hemmetaraplayvn hyzmatdaşlyk etmek we açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemek isleýärin. Biziň amala aşyrýan syýasatymyz milli döwletimiziň esaslaryny berkitmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dünýäde abraýyny has-da berkitmäge, dürli döwletler we halkara guramalary bilen deňhukukly we ozara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň häzirki döwürde ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwletdigini aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika hem-de ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syyasaty Birleşen Milletler Guramasynda barha uly goldaw tapýar. Soňky ýyllarda türkmen döwletiniň energetika howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamy babatda öňe süren rezolýusiýalaryny BMG-ňyň Baş Assambleýasy biragyzdan kabul etdi. Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary giň gerimli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge oňaýly täsir edýär. Bütin dünýäde bu taslamalaryň örän möhümdigine düşünmek bilen garalýar. Bu başlangyçlaryň dünýä bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýandygy we ykrar edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň özüniň nobatdaky mejlisinde - 2018-nji ýylyň 8-nji martynda Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýany biragyzdan kabul edendigini şu gün buýsanç bilen belleýärin! BMG-nyň esasy edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň bu möhüm resminamasynda biziň ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek boýunça amala aşyrýan çärelerine aýratyn orun berilýär. Hususan-da, Howpsuzlyk Geňeşi öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça mundan beýläk-de tagallalary etmegi goldady we ähli ýurtlary bu ugurda zerur işleri amala aşyrmaga tutanýerli çagyrdy. Şol başlangyçlaryň hatarynda şeýle taslamalar bar: Türkmenistan-Owganystan-Päkistan- Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lazurit») üstaşyr geçiriş, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyk, Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy ýaly başlangyçlar bar. Mälim bolşy ýaly, biz 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan-0wganystan- Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişdik. Yaňy-ýakynda bolsa, bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki- süýiimli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça işlere başlandy. Ýurdumyz ulag ulgamynda hem uly işleri alyp barýar. Biziň ýurdumyz owgan halkyna kömek hökmünde iki sany täze demir ýoly - Kerki - Ymamnazar - Akina we Serhetabat-Turgundy demir ýollaryny gurup, ulanmaga berdi. BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi şeýle giň gerimli işleri nazara alyp, öz kabul eden Rezolýusiýasynda ýokarda bellenen taslamalary we ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, howpsuz şertleri üpjün etmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisini tutanýerli çagyrdy. Eziz watandaşlar! BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň 8-nji martynda kabul eden Rezolýusiýasy Türkmenistanyň saýlap alan, bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dogrudygynyň hem-de pugta esaslydygynyň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasydyr! Şeýle hem, bu resminamanyň kabul edilmegi biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň ahlumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezýär. Bu Rezolýusiýa Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde gin gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar. Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden Rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkidýär we abraýyny has-da ýokary göterýär. Şol resminama bu örän iri halkara guramasy bilen bilelikdäki uzak möhletli meýilnamalary we özara hyzmatdaşlygyň strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow