Baş sahypa
\
\
Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi
Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi
Çap edildi 09.03.2018
20655

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu ugur gadymy döwürde kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini hem-de taryhy ýerlerini öz içine alar. Demir ýol ulaglary, Medeniýet, Bilim ministrlikleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň häkimlikleri bilelikde çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Medeniýet işgärleri, şol sanda şahyrlar we ýazyjylar, fotohabarçylar, suratkeşler, şeýle hem alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary özüne çekiji syýahaty amala aşyryp, Beýik Ýüpek ýoly ýaly şeýle täsin döreýşiň ähmiýetini häzirki nesillerimize ýetirmekden ybarat bolan düşünje beriş häsiýetli möhüm wezipäni ýerine ýetirerler. Asyrlaryň baý gymmatlyklarynyň aýawly saklanylýan we olara hormat goýulýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mysalynda gadymy dünýäniň bu özboluşlylygynyň neneňsi çuňňur yz goýandygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň düýpli işi syýahatçylar üçin ajaýyp ýolgörkeziji bolar. Kitapda hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu kerwen ýolunyň döreýşinde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri türkmen halkyna degişlidir. “Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Eziz Diýarymyzyň çäginde Ýüpek ýolunyň nähili uly bolandygyna şaýatlyk edýän gadymy döwrüň uly hem-de kiçi şäherleriniň onlarçasy bardyr” diýip, döwlet Baştutanymyz öz kitabynyň sahypalarynda ýazýar. Türkmenistan häzirki taryhy eýýamda bu gadymy ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeldip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak üçin binýat hökmünde ulag-logistika ulgamyny işjeň ösdürýär. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar kerwen ýollarynyň ugrundan çekilen döwrebap polat ýollar bilen baryp, diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny, ylmy-tehniki we senagat taýdan ösüşler bilen birlikde bu şöhratly ýerlere gelýän täze durmuşy gözleri bilen görüp bilerler. Wagyz ediş-düşündiriş meýilnamasynyň çäklerinde çärä gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr” atly ylmy maslahat geçirerler. Lebap welaýat kitaphanasynda bolsa edebiýat işgärleri “tegelek stoluň” başyna ýygnanarlar. Ol hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň alty babynyň biri bolan “Jeýhunyň ýakasy” diýen baba bagyşlanar. Onda kuwwatly Amyderýanyň ugrunda ýerleşen taryhy ýerler hem-de tebigy gözellikler barada gürrüň berilýär. Olaryň hatarynda şöhrata beslenen Amul şäher galasy, Hojaidat galasy, Astanababa aramgähi, Köýtendagda «Kyrk gyz» diýlip atlandyrylýan derýa suwunyň emele getiren hanasy hem-de beýleki ýerler bar. Demir ýol ulagynyň indiki duralgasy Garabekewül şäheri bolar. Bu ýerde Hojaidat galasynyň diwarlarynyň ýanynda ýerli ylmy we edebiýat toparlarynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler. Soňra demir ýol ulagy Astanababa binagärlik ýadygärlikleri bilen meşhur bolan Kerki şäherine ugrar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda getirilýän rowaýat onuň bilen baglydyr. Meýilleşdirilen çäreler tamamlanandan soň, wagyz ediş ýolagçy düzümi paýtagtymyza dolanyp geler.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow