Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi
Çap edildi 07.03.2018
1830

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Foruma Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän wezipeleri nazara alnyp kesgitlenen mejlisiň gün tertibine söwda ulgamynda, nebitgaz pudagynda, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, derman senagatynda, daşky gurşawy goramak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri girizildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Şol duşuşyklarda ýakyn geljek üçin mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary bellenildi. Şu günki forumda iş toparynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň hyzmatdaşlygynyň köp ugurlar boýunça işjeňleşendigi we hil taýdan täze derejä çykýandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýeti ýardam berýär. 2016-njy ýylyň oktýabrynda gol çekilen “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda 2017 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy”, Aşgabatda türkmen-tatar işewürler maslahatynyň geçirilmegi, Aşgabat — Kazan aralygyna yzygiderli göni howa gatnawynyň açylmagy özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze kuwwatly itergi berdi. Mejlisiň barşynda innowasion taýdan ösüşlerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýet berýän bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň taraplaryň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bu ugurlar boýunça Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan bir ýarym müňden gowrak talyp bilim alýar. Mundan başga-da, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda mugallymlary, aspirantlary hem-de talyplary alyşmak, uzak aralykdan okuwlary guramak, Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki barlaglaryň, ylmy okuw maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi, tehniki ulgama degişli neşir edilýän edebiýatlaryň alşylmagy agzaldy. Şeýle hem türkmen-tatar akademiki barlaglary, ylmy işgärleri we ylym ugurly mugallymlary taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, okuw-usulyýet resminamalaryny alyşmagy pugtalandyrmagyň ýollary bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar nebitgaz pudagyny ösdürmek baradaky meselä degip geçip, eksport akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de ösen, köpugurly turba geçirijiler düzüminiň döredilmeginiň Türkmenistanyň amala aşyrýan energetika strategiýasynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtadylar, şu babatda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklar ýokary mümkinçilige eýedir. Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi barada tejribe we maglumat alyşmak maksady bilen, derman serişdeleri pudagynda hünärmenleriň gysga möhletli özara saparlarynyň guralmagyna hem gyzyklanma bildirildi. Medeniýet ulgamynda halkara medeni çärelerde Türkmenistanyň we Tatarystanyň aýdym-saz, halk döredijilik, tans toparlarynyň yzygiderli çykyşlaryny guramak boýunça teklipler aýdyldy. Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini hem-de Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň geljegine garaldy. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn öňegidişlikleri bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge kömek edýän yzygiderli duşuşyklaryň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňe ilerlediji depginli güýji bolup hyzmat edýär. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow