Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar
Syýasy habarlar
“Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar
Çap edildi 19.02.2018
2161

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3650 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary öndürýän, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1,2 million sany taýýar tikin önümini öndürýän dokma toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Britan Wirgin adalarynyň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, hünärmenleri taýýarlamak we ornaşdyrylan tilsimat enjamlary üçin dokma toplumy işe girizilenden soň, iki ýylyň dowamynda ätiýaç şaýlary bilen Kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we dokma toplumyny 2021-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow