Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar
Syýasy habarlar
Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar
Çap edildi 09.02.2018
1846

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2018-nji ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow