Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär
Çap edildi 26.01.2018
1806

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn görnüşde hem köptaraplaýyn görnüşde hem dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr, diýip hökümetiň 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan 145 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, olaryň 38-sinde ýurdumyzyň diplomat wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Aşgabatda daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 35-si, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň 15-si işleýär. Häzirki döwürde ýurdumyz 145 halkara konwensiýasyna gatnaşýar. Döwletimiz olaryň 6-syna geçen ýyl goşuldy 2017-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi arkaly ýurdumyza dürli derejedäki wekiliýetleriň 584-si sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 624 wekiliýet gitdi. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda 235 çäre – maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy. Jemi 226 sany halkara resminamasy taýýarlanyldy we olara gol çekildi. Geçen ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 18 mejlisi hem-de işewür maslahatlarynyň 14-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary, netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasata ygrarlydygyny belläp, ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksadynda yzygiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow