Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Çap edildi 22.01.2018
2170

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasady kabul etdi. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, Hindistanyň Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy. Bu syýasat türkmen Lideriniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmegiň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde esasy şert bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny berktmekde ilçiniň şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Iki ýurduň bähbidine doly kybap gelýän şol gatnaşyklaryň halklary dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri bilen baglanyşdyrýar. Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Halkara we sebit syýasatynyň esasy ugurlary boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelmegi, olaryň däbe öwrülen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinmegi şol hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge gös-göni hyzmat edýär. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygy özara bähbitlere kybap gelýän täze derejä çykdy. Munuň şeýledigine iri möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda gazanylan uly üstünlikler hem-de möhüm ylalaşyklar aýdyň şaýatlyk edýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn orun eýeleýär. Türkmen Lideriniň başyny başlan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine has ýakyn we netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Taryhy we medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň ynamly häsiýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen ynsanperwer ulgamda alyşmalary has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Dostlukly ýurduň ilçisi döwlet Baştutanymyza geçen döwrüň içinde Hindistanyň ilçihanasynyň işine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistany hemişe aýratyn mähir bilen ýatlajakdygyny, bu ýerde türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine milli Liderimiziň başyny başlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeleriniň şaýady bolandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ilçi Nagendra Prasad däbe öwrülen türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hoşniýetli erk-islege we özara mümkinçiliklere esaslanyp, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine, dostlukly halklaryň we döwletleriň ikisiniň hem bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow